Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljermegi tabşyrdy

23:5305.03.2021
0
12545

Nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljerip, gerek bolsa, ýaş, başarnykly, iş we ýurdumyz üçin ähli tagallalary edip, yhlasly işlejek täze ýolbaşçylary gözlemeli diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji martda geçirilen mejlisinde wise-premýer Şahym Abdyrahmanowa  degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiz tarapyndan zerur kömegiň berilýändigine garamazdan, toplumyň pudaklarynda heniz oňyn öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem ähli pudak edaralary diýen ýaly meýilnama tabşyrygyny yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýärler.

Döwlet Baştutany wise-premýere bu ýagdaýy düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin teklipleri bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň