Soňky habarlar

Arhiw

«Ynamdar» «Sowgatly günleri» yglan etdi

19:2105.03.2021
0
16997

«Ynamdar» onlaýn dükany 4 ― 8-nji mart aralygynda «Sowgatly günler» aksiýasyny geçirýär. Müşderilere höweslendirme hökmünde bir ýa-da birnäçe sowgat berilýär.

Onlaýn dükanyň hödürleýän sowgatlary süýjüliklerden, atyr, arassaçylyk önümlerinden, şeýle hem öý himiki serişdelerinden, saç idegi önümlerinden ybarat. Şeýle hem konserwirlenen we çagalar üçin iýmitler hem bar. Umuman, onlaýn dükan 50-den gowrak sowgat hödürleýär. 

«Ynamdarda» resmi hasaba alynman hem, sargyt edip, islän harytlaryňyzy «sebede» ýükläp, islegleriňizi iberip bilersiňiz. 

«Ynamdar» onlaýn dükany 2019-njy ýylda açyldy we gysga wagtyň içinde ýokary derejeli hyzmaty, nagt we nagt däl tölemek mümkinçiligi, hyzmatyň çaltlygy bilen ulanyjylaryň ynamyny gazandy. Sargydyň mukdary 100 manatdan geçende, önümler mugt eltilip berilýär. Häzirlikçe, eltip bermek hyzmaty Aşgabatda, Büzmeýinde we Änewde hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň