Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde «Meňburun Jelaleddin» atly köp bölümli çeper filmiň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

18:4005.03.2021
0
3081

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen gurultaýda Horezmşa Jelaleddin Meňburunyň durmuşyna bagyşlanan köp bölümli taryhy çeper filmiň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Bu çärä Özbegistanyň Hökümetiniň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Özbegistanyň hem Türkiýäniň medeniýet we sungat işgärleri, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, hyzmatdaş guramalar we habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

«Meňburun Jelaleddin» atly köp bölümli çeper filmini döretmeklik işi taryhy çeper filmleri çykarmaklykda uly tejribä eýe bolan «Bozdag Film» atly türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. 

Bu çeper filmde taryhy şahsyýetleriň keşbini döretmeklik üçin Özbegistandan we Türkiýeden tejribeli aktýorlar çykyş etdiler.

Gadymy Gürganç şäheriniň köçeleri Türkiýedäki 30 gektar meýdanda dikeldildi. Mundan başga-da bu ýerde ýaşaýyş jaýlary, merkezi bazar, beýleki binalar we Horezmşa köşgüniň owadan bezelen otaglary döredildi. Çöldäki söweş sahnalary bolsa Stambuldan 750 km uzaklykda ýerleşýän Aksaraýda oýnaldy.

«Meňburun Jelaleddin»  atly köp bölümli taryhy çeper filmi 13 bölümden ybarat bolan ilkinji möwsümi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň