Hytaý pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

18:0305.03.2021
0
6196

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Kesýan durmuş-ykdysady ösüş boýunça 14-nji bäşýyllyk meýilnamany (2021-2025) durmuşa geçirmek prosesinde Hytaýda pensiýa ýaşynyň kem-kemden artjakdygyny aýtdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň  «Sinxua» atly resmi web sahypasy habar  berýär.

Premýer-ministr, Bütinhytaý Halk Gurultaýynyň mejlisinde Hökümetiň alyp barýan işleri barada hasabat bereninde: «Ilatyň 95 göterimini garrylyk pensiýa ätiýaçlandyryşy bilen üpjün etmekligiň esasynda adaty pensiýa ýaşy kem-kemden ýokarlanar.» - diýip belledi. Şeýle hem,  Hökümetiň ýeterlik çaga dogluşyny gazanmaklyk we durmuş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmeklik isleýändigini aýtdy.

Hytaýda bir maşgalada diňe bir çaga dogurmak syýasaty ýurduň ilatynyň tebigy garramagyna sebäp boldy.

Hünärmenleriň pikiriçe, 2035-nji ýyla çenli Hytaýda iki gullukçy bir pensioneri goldar. 2050-nji ýyla çenli bolsa, ýurduň ilatynyň takmynan, 35 göterimi pensiýa ýaşyndaky adamlar bolar.

Häzirki wagtda Hytaýda erkekleriň 60 ýaşynda, aýallaryň bolsa 55 ýaşynda pensiýa çykmaklyga hukugy bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň