Soňky habarlar

Arhiw

Eýran bilen Siriýanyň arasynda bilelikdäki awtoulag önümçiligini ýola goýmaklyk barada şertnama gol çekildi

17:4105.03.2021
0
874

Siriýanyň senagat ministri Ziýad Sabag awtoulag önümçiligi baradaky şertnama düýn - 4-nji fewralda Eýranyň wise-prezidenti Sorena Settari bilen bilelikde gol çekendigini aýtdy.

Bu şertnamanyň batymdan (krizis) soň, öz ýurdunyň ykdysady ösüşi üçin peýdaly boljakdygyny aýdan Sabag, ýygnakda Eýran bilen Siriýanyň arasynda bilelikdäki awtoulag öndürýän zawody («SIAMCO») açmak barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Sabag, iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki karz pul serişdeleriniň we togtadylan taslamalaryň gaýtadan dikeldilendigine hem ünsi çekdi.

«SIAMCO» zawody  2007-nji ýylda Damask senagat meýdançasy Adrada döredildi we Damask atly ulagy bazara hödürledi. Zawod 2019-njy ýylda öz işini bes edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň