Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýene bir ýatakda nebitiň senagat akymy alyndy

17:2605.03.2021
0
839

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawçylary iri Çeleken ýatagynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşen «Dagajyk» ýatagyndaky № 654 belgili täze guýudan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar.

Täze guýynyň taslama çuňlugy 1200 metre deň bolup, häzirki wagtda ol «Galkynyş» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleriniň ygtyýaryna ulanyşa berildi.

Müdirligiň nebitçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýärler. Olaryň zähmeti netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem ösmegi üçin zerur bolan senagat ähmiýetli nebit akymynyň ýüzlerçe tonnasyny çykararlar, diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň