Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýanyň çäginden üstaşyr nebit geçirmekde ikinji orny eýeleýär

17:2205.03.2021
0
838

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 320 müň 460 tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň resmi saýty Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soň ikinji orunda durýar. Gazagystanyň nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,14 million tonna (fewral aýynda 1,1 million tonna) barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň