Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýene dört bäsleşik yglan etdi

12:1505.03.2021
0
8240

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi:

— folklor toparlarynyň arasynda görkezme çykyşlaryň bäsleşigini;

— dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty boýunça bäsleşigi;

— «Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşigi;

— suratkeşleriň hem-de nakgaşlaryň arasynda bäsleşigi yglan edýär.

Bu barada türkmen metbugatynda çap edilen bildirişde aýdylýar.

Döredijilik bäsleşikleriniň düzgünnamalary hem-de olaryň geçiriliş tertibi baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-11, 44-00-37, 44-00-60, 44-00-09, 44-00-07.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň