Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly Baş sekretar!
Ilki bilen, ýokary derejedäki şu mejlisi gurandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirýärin. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Türkiýäniň üstünlikli we netijeli başlyklyk edendigini bellemek we munuň üçin oňa minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Türkmenistan şu günki mejlise geçilen ýola baha bermek we seljermek nukdaýnazaryndan hem, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek babatda hem biziň guramamyzyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Umuman, biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) işiniň depginli häsiýetini, sebitleýin hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýändigini belläp bileris diýip pikir edýärin.
Häzirki döwürde EKO dünýäde ykrar edilen iri we abraýly halkara düzüm bolup durýar. Bu guramanyň hereket edýän ýyllarynda onuň agza ýurtlarynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan soraglary boýunça dürli ylalaşyklar baglaşyldy we çözgütler kabul edildi. Biziň bilelikdäki örän uly mümkinçiliklerimizi özara bähbit hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş üçin peýdalanmaga gönükdirilen, durmuşa ukyply strategiýany taýýarlamak boýunça köp işler edildi.
Birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyrylyp başlandy. Şolaryň arasynda häzirki döwürde sebitiň ykdysady durmuşynda möhüm orny eýeleýän ulag we kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalary aýratyn bellemek isleýärin. Gurama gatnaşyjy ýurtlar sebitde söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin hem çäreleri görmegi dowam edýärler.
Otuz ýyla golaý mundan ozal esasynda goýlan ýörelgelere we maksatlara yzygiderli takyk eýermegi biziň guramamyzyň işiniň örän möhüm şerti bolup durýar. Şol döwürden bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna täze agzalar kabul edilip, onuň häzirki düzümi emele geldi. Men EKO-nyň ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň guraly hökmünde, haýsydyr bir syýasy ýagdaýlardan erkin ugruny saklap galandygyny, daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny giňeldendigini göz öňünde tutýaryn.
EKO häzirki döwürde hem beýleki halkara guramalar we köp sanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, sebitiň çäklerinden işjeňlik bilen çykýar. Gazanylan ähli netijeleri agza ýurtlar bolan biz bilelikde toplan oňyn tejribämize doly degişli edip bileris. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar. Ol bizden häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri we sebitdäki işleriň ugruny göz öňünde tutup, guramanyň işine täze çemeleşmeleri taýýarlamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, EKO-nyň üstüne guramanyň aýratynlygyna we özboluşly geoykdysady ähmiýetine laýyk gelýän uly wezipeler ýüklenýär.
Şu ýerde men geografiýasy, taryhy, däp-dessurlary we gymmatlyklary arkaly birleşen döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde EKO-nyň birleşdiriji mazmunyny bellemek isleýärin. Ony biziň tebigy artykmaçlyklarymyz we umumy bähbitlerimiz esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hakyky gurluş diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýaryn.
Şoňa görä-de, biziň pikirimizçe, häzirki döwürde EKO-nyň baş wezipesi ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmekdir. Sebäbi EKO-da, diňe bir ählumumy we sebitdäki ykdysady işlere barabar gatnaşmak däl, eýsem, şol işleriň ösüşine işjeň täsir etmäge hem zerur mümkinçilikler bar.
Şu meselede Türkmenistan EKO-daky geljekki öz başlyklygyny göz öňünde tutýar. Men ýurdumyza bildiren ynamy üçin agza döwletlere uly minnetdarlyk bildirýärin. Biz öz başlyklygymyzy jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýäris. Onuň üstünlikli, netijeli we gatnaşyjylaryň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin ähli tagallalary ederis.
Häzir bolsa guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar bilen sizi tanyşdyraýyn.
Biz EKO-nyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýarys.
Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris. Şu maksat bilen, Türkmenistan EKO-nyň sebitinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Biz bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýäris. Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýarys.
EKO agza ýurtlary ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryny amala aşyrmakda, häzirki zaman işlerine olaryň doly bahaly gatnaşmagyny gazanmakda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň esasy orny eýelejekdigi äşgärdir. Sebäbi biz EKO-nyň giňişligini Ýewraziýa kontinentinde amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde görýäris.
Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrdy. Şu ýylyň ýanwarynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan), şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegini muňa has täze mysallar hökmünde görkezmek bolar. Biz EKO-nyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli ugurlarda şular ýaly giň gerimli we köptaraply taslamalary amala aşyrmak barada pikirlenmegi teklip edýäris.
Ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda EKO-nyň taslama işlerini düýpli güýçlendirmegiň, geljegi has uly bolan ülňüleri hem-de ugurlary öňe sürmegiň zerurdygyna ynanýaryn. Şunuň bilen birlikde, biz Gündogar — Günbatar ugry boýunça, Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrýarys. Şeýle hem biz Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýäris. Sebäbi Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsi EKO-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys.
EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.
Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Ýöne men EKO sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň hem biziň üçin zerurdygyna ynanýaryn.
Şu ugurda biziň guramamyz kontinentde beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýup biler diýip hasap edýäris. Bu birleşikleriň strategik babatda bähbitleri EKO-nyň bähbitleri bilen özara peýdaly we deňhukukly esasda laýyk gelip bilerdi.
Owgan topragynda pugta parahatçylygy we ylalaşygy berkarar etmegiň örän möhüm şerti hökmünde Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek işine Türkmenistanyň möhüm ähmiýet berýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Biz onuň ykdysadyýetini dikeltmekde, energiýa üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, durmuş maksatly desgalary gurmakda bu doganlyk ýurda kömek berýäris we kömek bermegimizi dowam ederis. Senagat, energetika pudaklarynda, ulag we kommunikasiýa hem-de logistika ulgamlarynda ähmiýetli bilelikdäki taslamalara gatnaşyjy hökmünde Owganystanyň sebit we kontinent ykdysady hyzmatdaşlygyna ysnyşykly goşulmagynda onuň üçin geljegi uly bolan strategik mümkinçiligi görýäris.
Türkmenistan EKO-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryna eýermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, biz ylmy-lukmançylyk ugry, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe we bilim alyşmak boýunça hem hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermegi teklip edýäris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistan EKO-nyň işini sebiti netijeli ösdürmegiň şertleriniň biri hasaplaýar. Guramamyzda onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikleri görýär.
Şunuň bilen birlikde, biz döwletleriň we halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin EKO-nyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. EKO-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder.
Öz çykyşymy tamamlamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de, hormatly kärdeşler, siziň hemmäňiziň şol duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegiňizi teklip edýärin.