Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Ankara şäherinde Muhammet al-Horezmi ýadygärligi guruldy

19:0504.03.2021
0
2111
Türkiýäniň Ankara şäherinde Muhammet al-Horezmi ýadygärligi guruldy

Özbegistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň başlangyjy esasynda, Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň —  «TÜRKSOÝ»-yň hem-de Ankara şäher häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklygynda «Hywa  — türki dünýäsiniň medeni paýtagty»  atly halkara maksatnamasynyň çäginde Türkiýäniň paýtagtynda  Muhammet al-Horezmi ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Ankarada Al-Horezmi ýadygärliginiň gurulmagy Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy —  «TÜRKSOÝ»  tarapyndan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy esasynda yglan edilen «Hywa — türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly halkara maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy.

Çärede Özbegistanyň ilçisi Alişer Azamhojaýew Muhammet Musa Al-Horezminiň adamzat taryhynyň we siwilizasiýasynyň beýik şahsyýetlerinden biridigini aýtdy.

Horezminiň edebi mirasy türkmen-özbek halklarynyň we türki  dünýäsiniň umumadamzat taryhyndaky möhüm ornuny görkezýär.

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň Keçiören etrabynyň meşhur seýilgähinde gurlan Muhammet al-Horezminiň ýadygärligi türki dünýäsiniň  beýik ylmyny we edebi mirasyny wagyz edýän täsin desgalaryň birine öwrüldi.

Muhammet al-Horezmi ýadygärliginiň resmi açylyş dabarasyndan soň  milli eşikleriň sergisi we «Meňburun Jelaleddin» filminiň görkeziliş çäresi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň