Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy: transfer penjiresi 12-nji marta çenli uzaldyldy

13:2604.03.2021
0
2871
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy: transfer penjiresi 12-nji marta çenli uzaldyldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatynyň toparlary üçin gyşky transfer möwsüminiň 12-nji marta çenli uzaldandygyny habar berýär.

Onuň dowamynda futbol çempionatymyza gatnaşýan ýurdumyzyň toparlary düzümlerine oýunçylary geçirmäge mümkinçilik alýarlar.

Ýeri gelende bellesek, 29-njy gezek geçiriljek futbol çempionatymyz toparlaryň 8-siniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Köpetdag”, “Aşgabat”, “Merw”, “Nebitçi”, “Energetik”) gatnaşmagynda geçiriler.

Mundan ozal federasiýa transfer penjiresiniň 28-nji fewralda ýapyljakdygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň