Elon Mask «SpaceX» şereketiniň ýerleşýän obasyny giňeldip, täze «Starbase» şäherini gurmagy meýilleşdirýär

09:5304.03.2021
0
825

«Tesla» we «SpaceX» şereketiniň baş direktory Elon Mask 2014-nji ýyldan bäri «Starship» raketalaryny döredýän we synagdan geçirýän «SpaceX» kompaniýasynyň ýerleşýän ýerini – ABŞ-nyň Tehas ştatynyň «Boca Chica»   obasyny giňeldip, «Starbase» atly täze şäher gurmak isleýändigi barada özüniň şahsy twitter sahypasynda habar berdi.

Kameron okrugynyň kazysy Eddi Trewine  «Insider» web sahypasynyň habarçysyna beren beýanynda: «Elon Mask «SpaceX» şereketiniň «Boca Chica»   obasynyň çägini giňeldip «Starbase» şäherini döretmeklik isleýändigi barada beýan edip, resmi taýdan ýüz tutdy we şu gün irden Kameron etrap komissar kazyýetine  «SpaceX» kompaniýasynyň tagallalary barada habar berildi. «SpaceX» we Elon Mask bu ýoldan gitmek isleseler, ähli döwlet kanunlaryny berjaý etmeli bolarlar. Kameron okrugy degişli kanunlara laýyklykda bu babatdaky degişli ýüz tutmalara sereder.» – diýip belledi.

«SpaceX» şereketi häzirki wagtda iň ýokary hereketlendiriji güýji bolan uçuryş ulgamynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. «Super Heavy» atly ulgam şu wagta çenli gurlan iň güýçli hereketlendirijili raketa bolar. Onuň beýikligi takmynan 70 metr («Starship» bilen 120 metr), agyrlygy bolsa, suwuk kislorod we metan ýangyjy bilen doldurylanda 3500 tonna bolar.

Elon Maskyň «Starbase» şäherine öwrülmegini isleýän «Boca Chica» obasynda elektrik togy bolsa-da, jemgyýetçilik agyz suw ulgamy ýok.

«Insider»  web sahypasy  «SpaceX» şereketiniň  «Boca Chica»  obasyndaky desgalarynda bäş sany tebigy gaz guýusyny we gaz bilen işleýän elektrik bekedini gurmagy meýilleşdirýändigi mälim edildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň