Soňky habarlar

Arhiw

«BOE» şereketi özboluşly bir aýratynlyga eýe bolan täze ekrany bilen tanyşdyrdy

19:0003.03.2021
0
441
«BOE» şereketi  özboluşly bir aýratynlyga eýe bolan täze ekrany bilen tanyşdyrdy

Hytaýyň «BOE» şereketi islendik tarapyndan ikiýana eplenilmeklik aýratynlygyna eýe bolan täze ekrany  bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýa  birnäçe goşmaça matrisa gatlaklary bilen ýörite döredilen gurluşyň esasynda bu funksiýany durmuşa geçirmegi başardy.

«BOE» şereketinden berlen beýanda bellenilmegine görä,  täze nesil ekranlarynyň hyzmat möhleti 200000-e çenli eplenmäge niýetlenilendir.

Beýleki markalaryň häzirki tehnologiki ösüşlerinden tapawutlylykda Hytaýyň «BOE» kompaniýasynyň ekran önümini islendik tarapyndan iki ýana epläp bolýar.

Kompaniýa ilkinji prototip toparyny has takyk barlamaklyk üçin, ony ýakyn wagtda hyzmatdaşlaryna ibermegi meýilleşdirýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň