Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada özbek teleýaýlymlary görkezilip başlandy

18:5603.03.2021
0
840

«SPB TV» kompaniýasy  Özbegistanyň Milli telewideniýe we radio kompaniýasy bilen özbek dilindäki teleýaýlym önümlerini GDA ýurtlarynda ýaýlyma bermeklik barada şertnama baglaşdy. Bu barada Russiýanyň «TASS» habarlar agentligi habar berýär.

Ylalaşyga laýyklykda, özbek dilindäki 12 sany teleýaýlymyň ýaýlymyny Russiýada alyp görkezmeklik mart aýynyň başyndan ýola goýuldy. 

Maglumatlara görä, Russiýada we GDA ýurtlarynda azyndan 2,5 million özbek tomaşaçysy bar.

«SPB TV kompaniýasynyň baş müdiri Kirill Filippowyň bellemegine görä, diňe Russiýada 2 milliondan gowrak özbek ýaşaýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň