«YouTube» wideo hostingi «Shorts» atly platforma işläp düzdi

18:1503.03.2021
0
878

«YouTube» wideo hostingi «Shorts» atly täze bir funksiýany işläp düzdi. Bu barada «GSMArena» portaly habar berdi.

«Shorts» funksiýasy – bu portret režiminde düşürilen gysga wideolar üçin platformadyr.

«Shorts» platformasy gysga wideolary bilen meşhurlyga eýe bolan «TikTok» programmasyny ýadyňa salýar. Hut şu nukdaýnazardan-da,  «YouTube» wideo hostingi «TikTok» programmasynyň meňzeşini döredipdir diýsek hem hakykatdan daş düşmeris.   

«Shorts» plastformasynda portret režiminde görkezilen wideolaryň arasynda ýer almaklyk üçin  «swipe up»  ýazgysyna basmak zerurdyr. Ulanyjylar tarapyndan platformanyň «Shorts» bölümine goýuljak wideoýazgynyň dowamlylygy bir minutdan az bolmalydyr. Dowamlygy bir minutdan kän bolan wideoýazgylar  platformanyň «Shorts» bölümine goýlup bilinmeýär.

Häzirki wagtda bu funksiýa beta synagyndadyr. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň