Soňky habarlar

Arhiw

«Belawia» Aşgabada uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy

15:2603.03.2021
0
36300

«Belawia» howa ýollary Minskden Aşgabat şäherine ýolagçy gatnawlarynyň togtadylmagyny 2021-nji ýylyň 5-nji apreline çenli uzaldýandygyny habar berdi.

Uçuşlar Ysraýyla uçuşlar 6-njy marta çenli, Latwiýa bolsa 27-nji marta çenli amala aşyrylmaz. Mundan başga-da, 27-nji marta çenli Wengriýa we Gazagystana, 30-njy oktýabra çenli Şweýsariýa uçuş bolmaz.

Russiýa barada aýdylanda bolsa, Belawiýa Moskwa, Sankt-Peterburga we Rostowa uçuşlary amala aşyrar. Russiýa Federasiýasynyň beýleki ugurlaryna gatnawlar 27-nji marta çenli togtadyldy.

Belarus awiakompaniýasynyň ýolagçylary üçin petekleri yzyna gaýtarmak hyzmaty ýa-da gidiş senesiniň üýtgemegi 2021-nji ýylyň 30-njy martyna çenli güýje girer (käbir ugurlarda üýtgeşmeler girizmek möhleti 30-njy iýuna çenli uzaldyldy). Ýolagylar ähli soraglar üçin kassalara ýa-da «Belawianyň» wekilhanalaryna we goldaw hyzmatlaryna ýüz tutup bilerler.

«Belawianyň» Minsk — Aşgabat — Minsk gatnaw ugry hepdede bir gezek Boeing — 737 uçary bilen ýola goýlupdy. Aşgabatdan uçuşlar sişenbe güni guralyp, çarşenbe güni bolsa yzyna uçuş amala aşyrylýardy.

Bütin dünýäde uçuşlaryň togtadylmagy koronawirus pandemiýasynyň ýaýramak howpy bilen baglanyşykly.

«Belawiýanyň» häzirki uçuş ugurlary baradaky doly maglumat bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň!

Türkmenabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuş amala aşyryldy

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşlar üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibine üýtgetmeleri girizdi

«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlar boýunça çäklendirmeleri 31-nji marta çenli uzaltdy

«Belawia» Türkmenistana alnan petekleriň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaltdy

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň