Gazak-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täzeçe binýat esaslandyryldy

12:1903.03.2021
0
760

Şu ýylyň 2-nji martynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Gazagystana resmi iş saparyny amala aşyrdy. Ol resmi iş saparynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew,  ýurduň ilbaşysy Nursultan Nazarbaýew  bilen duşuşyk geçirdi.   

Gyrgyz Lideri Sadyr Japarowyň bu resmi iş saparynyň çäklerinde iki döwletiň arasynda söwda päsgelçiliklerini azaltmaklyk,  ýurtlaryň gümrük gulluklary bilen salgyt gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklik we bu gulluklaryň işlerine sanly tehnologiýany ornaşdyrmaklyk barada ylalaşyk gazanyldy.

Iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçirilen resmi iş maslahatyndan soňky metbugat ýygnagynda Gazagystanyň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew: «Soňky 15 ýylda Gyrgyzystana 1 milliard dollardan gowrak maýa goýduk. Gazagystanyň maýadarlary bu ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň ösmegine, ilatyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm goşant goşýarlar. Hususan-da, täze iş ýerleriniň döredilmegine, önümçilik pudagynyň we maliýe bazarlarynyň ösüşine aýratyn üns berýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň arasynda özara maýa goýumlaryny goldamaklyk we goramaklyk barada ylalaşdyk.» – diýip belledi.

Metbugat ýygnagynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow maýadarlaryň bähbitlerini goramaklyk üçin milli gullugy üýtgedip gurjakdygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, geljekde ýurtdaky maýadarlaryň bähbitlerine wekilçilik edýän edara göni Prezidente hasabat berer. Bu babatda gyrgyz Lideri: «Gyrgyzystanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günümden bäri, ýurtdaky  ähli maýadarlaryň hukuklaryny goramagy baş maksat edindim.  Bu maksady durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda täze reformalar amala aşyrylyp başlandy.  Bilşiňiz ýaly, biziň ýurdumyz döwlet dolandyrylyşynyň  Prezident respublikasy  görnüşine geçdi. Muňa laýyklykda ýakyn günlerde täze Konstitusiýa kabul ediler,  täze kanunlar işlenilip düzüler we täze Mejlis saýlanar. Häzirki wagtda Hökümetde maýadarlary çekmek we olaryň bähbitlerini goramak üçin edara bar. Bu edara indi öz işleri barada Hökümete günelik hasabat berer. Täze Konstitusiýa kabul edilenden soň, ýurdumyzdaky maýadarlaryň bähbitlerine wekilçilik edýän edaranyň derejesini ýokarlandyrarys we Prezidente gönüden-göni tabyn bolan milli edara öwreris. Maýa goýumçylaryň hemmesi bu edara  bilen gönüden-göni işleşer. Bu mesele meniň şahsy ygtyýarymdadyr. Maýa goýujylar döwlet bilen 20 – 30 ýyl şertnama baglaşarlar. Ertir ýa-da birigün Gyrgyzystanda Hökümet çalşylsa-da, bu şertnamanyň maýa goýujylaryň işi üçin kepilligi bolar. Maýa goýujylar bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşylandan soň, şol döwrüň ahyryna çenli olaryň bähbitleri döwlet tarapyndan goralar.» – diýip aýtdy.

Gepleşiklerden soň iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmeklik barada ylalaşyga gelindi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda  gyrgyz ýaşlary üçin bilim kwotasyny 10 esse, geljekde bolsa 50 esse ýokarlandyrmaklyk we Bişkekde  Gazagystanyň abraýly  ýokary okuw jaýlarynyň  şahamçalaryny açmaklyk meýilleşdirilýär. 

Mundan başga hem, Gyrgyzystanyň  Bişkek şäherinde görnükli gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň, Gazagystanyň Nursultan şäherinde bolsa meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ýadygärliklerini gurmaklyk başlangyjy öňe sürüldi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň