Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý kompaniýasy uçýan taksileriň köpçülikleýin önümçiligine başlamaga taýynlanýar

18:0301.03.2021
0
813

Uçýan taksileri we beýleki pilotsyz uçarlary öndürýän Hytaýyň «EHang» kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde «EH216» atly iki orunlyk uçýan taksileri öndürmegi meýilleşdirýär.

«EHang» şereketiniň habaryna görä, Guandun welaýatynyň Ýunfu şäherinde gurlan 24000 inedördül metrlik zawodyň ýylda 600 sany «EH216» taksini öndürmegine garaşylýar. Eger, isleg ýokary bolsa, uçýan taksileriň önümçiligini artdyrmaklyk meýilleşdirilýär.

Zawodyň çäginde gözegçilik merkezi we synag meýdançasy hem gurlar. Indi, «EHang» şereketi  Guançjoudaky baş edarasynda sürüjisiz taksileri we beýleki pilotsyz uçarlary öndürer.

Täze zawod ulanylmaga berlenden soň, kompaniýanyň baş edarasy täze önümleriň ösüşine ünsi jemlär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň