Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň ilçihanasy «50 ştaty özüp üçin aç!» atly wideotapgyry hödürleýär

13:1601.03.2021
0
10788

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölümi ilçihananyň web saýtynda «50 ştaty özüň üçin aç!» atly gysga wideotapgyrlary görmäge çagyrýar.

Her wideonyň uzynlygy 10 minutdan hem az bolup, olar ştatlaryň geografiýasy, taryhy, medeniýeti, meşhur adamlary we gözel ýerleri baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Häzirlikçe 13 ştat barada wideogörnüşler paýlaşyldy. Geljekde olaryň sany köpeldiler. Iňlis dilindäki wideolar ABŞ bilen ýakyndan tanyşmakda we bu dili özleşdirmekde peýdalydyr.

Şeýle hem, ilçihana AmerikanCenterashgabat@state.gov salgysynda görnüşler baradaky pikirlere hem garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň