Daşoguzly oba hojalykçylar şu ýyl 4 müň gektar ýere kösükli ekinleri we künji ekýärler

11:4301.03.2021
0
1417

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin 4 müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler. Suwy az talap edýän  we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan bu ekin köpçülikleýin geçen ýyl, esasanam gyşlyk galladan soň aralyk ekin hökmünde ekilipdi. Sebitde ondan bol hasyl – bäş müň tonnadan gowrak mäş ýygnalypdy. Şu ýyl hem onuň her gektaryndan azyndan 15 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Ýerli ekarançylar şeýle görkezijilerde güýzde azyndan 375 tonna noýba ýygnamagy maksat edinýärler, onuň hem ýetişýän möhleti noýbany aralyk ekin hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Noýba hem edil mäş ýaly Türkmensitanyň demirgazygynda öňden bari ýetişdirilýän bolsa-da,  giň möçberlerde bassyr ikinji ýyl  ýetişdirilýär. Mäşiň bäşden bir bölegini S. Türkmenbaşy etrabynda ýetişdirmek göz öňünde tutulan bosa, noýba Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde deň derejede ekiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň demirgazygynda şu ýyl 350 tonna künji ýygnamak göz öňünde tutulýar, dogrusy  ony ýetişdirmegiň geçen ýylky tejribesi ýag hökmünde giňişleýin ulanylýan ekinden has köp hasyl alynjakdygyna umyt baglamaga esas berýär. S.Türkmenbaşy we Könürgenç etraplary ony iri öndürijilerdir, ol ýerlerde göz öňünde tutulýan hasylyň ýaryndan gowragyny ýetişdirmek maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň