Soňky habarlar

Arhiw

PÝGG-niň ykjam goşundysy jerime töleglerini geçirmegi ýeňilleşdirdi

11:2201.03.2021
0
25994
PÝGG-niň ykjam goşundysy jerime töleglerini geçirmegi ýeňilleşdirdi

Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy «PÝGG-nyň jerime tölegi» ykjam goşundysy arkaly jerimeleri tölemegiň ýeňilleşdirilendigini habar berýär.

«Google Play» ykjam goşundylar dükanyndan ýüklenip alnan programma arkaly tölegleri geçirmek mundan beýläk siziň köp wagtyňyzy almaz.

Berlen kararyň belgisini, awtoulagyň belgisini, onuň eýesi baradaky doly maglumatlary, telefon belgisini we tölegiňi mukdaryny görkezeniňden soňra siziň mobil telefonyňyza tölegiň geçirilendigi barada SMS habarnamasy geler.

Bu goşundynyň işläp başlandygyny biz ozal habar beripdik. Ol elektron poçtaňyzy we ulanýan smartfonyňyzyň modelini görkezeniňizden soňra işläp başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň