Balkan welaýatynyň iň gowy tans toparlary saýlanyldy

13:4228.02.2021
0
2657

Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda «Milli tansym, medeniýetim, mirasym, ysnyşdyrýar ýürekleriň binýadyn» ady bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli etrap, şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň birinji şertinde toparlar özleriniň özboluşly hereketleri bilen sazlaşykly milli tanslary, ikinji şertinde bolsa döwrebap öwüşginli tanslary ýerine ýetirdiler. 

Gyzykly hem-de täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, emin agzalary çykyş eden tans toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna, tans hereketleriniň many-mazmunyna, tansçylaryň egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna baha berdiler.

Şeýlelikde, Serdar etrabynyň «Şelpeler» tans topary baş baýraga mynasyp görüldi.

Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» tans topary birinji, Serdar şäheriniň «Perwana» hem-de Esenguly etrabynyň «Gök deňiz» tans toparlary ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk», Hazar şäheriniň «Güneş» tans toparlary üçünji orunlary eýelediler.

Ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň