Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty gysga möhletli okuwlara çagyrýar

20:2727.02.2021
1
16573

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy üçin ad­mi­nist­ra­tiw-teh­ni­ki iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça okuw mer­ke­zi gys­ga möh­let­li (3 aý­lyk) okuw­la­ra ka­bul ed­ýän­di­gi­ni yglan edýär. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

 Dalaşgärlere şu ugurlar hödürlenilýär:

1. Diplomatik poçta we hat alşygy;

2. Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi);

3. Arhiw işi.

Okuw merkezi diplomatik poçta we hat alşygy hem-de arhiw işi ugurlaryna — ýokary bilimi bolan, iş dolandyryjylyk ugruna — orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny test görnüşindäki giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda, önümçilikden aýrylmak şerti bilen kabul edýär.

Dalaşgärleriň tabşyrmaly resmi kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 möçberde 6 (alty) sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 1 — 25-nji marty aralygynda institutda kabul edilýär.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edişlik Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler üçin hem Türkmenistanyň taryhy, iň­lis dili, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan diň­leýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan harby gullugy tamamlap gelenler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gal­ky­nyş kö­çe­si­niň 25-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 22-02-63; 22-68-45.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň