“Lotta Business group” kompaniýasy täze işgärleriň işe alynjakdygyny habar berýär. Iş üçin aşakdakylar çagyrylýar:
- IT hünärmeni (WEB);
- IT hünärmeni (Android/iOS);
- SMM menejeri;
- onlaýn dükan üçin satuw geňeşçisi;
- kontent-menejer;
- dizaýner;
- satuw bölümi üçin marketolog;
- taslama ýolbaşçy;
- gelýän jaňlara jogapkär;
- satuw bölümi üçin menejer;
- kopiraýter/reraýter.
Dalaşgärler üçin talaplaryň sanawynda – iş tejribesi, adaty ofis kompýuter programmalaryndan we iş üçin zerur programmalardan oňat baş çykarmak, jogapkärçilik, arassaçylyk, hünärmen hökmünde kämilleşmek talap edilýär.
Iş orunlary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, 09:00-18:00 aralygynda, meýilnama görä düzülýär.
CV-leri kabul etmek şu ýylyň 7-nji martyna çenli amala aşyrylýar. Salgysy: Aşgabat şäh, G. Kuliýew köç. 24 jaýy ýa-da lotta@lotta-tm.com elektron poçtasy arkaly. Şeýle hem, anketany lotta-tm.com web sahypasy arkaly gönüden-göni dolduryp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 754480, +99365812514.
“Lotta Business group” kiçi we orta telekeçiler üçin maslahat hyzmatlaryny bermek, sarp ediş harytlaryny paýlamak, hususy we döwlet eýeçiligindäki tenderler, şeýle hem Türkmenistanyň bazarynda IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen meşgullanýar.
Ähli boş iş orunlarynyň şertleri barada şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.