TNGIZT-de kerosiniň önümçiligi artdyrylýar

16:3326.02.2021
0
5157

2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 34 müň 857 tonna ýangyç kerosini öndürildi. Munuň özi önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Kärhananyň işgärleri şu günlerde aýratyn yhlas bilen zähmet çekýärler. Çünki bu ýerde ýangyç kerosini bellenilen meýilnamadan 111 tonna artyk öndürildi.

Nebiti gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly mynasyp zähmet üstünlikler bilen dabaralandyrýan işgärleri içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan ýokary hilli ýangyçlyk kerosiniň önümçiligini dowamly artdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň