Soňky habarlar

Arhiw

“Rysgal Kompýuter” müşderilere täze “TECNO” smartfonlaryny hödürleýär

15:1826.02.2021
0
18400

“Rysgal Kompýuter” dükanyny, häzirki zaman “Samsung” we “Redmi” markaly smartfonlarynyň üstüni, Türkmen bazary üçin düýbünden täze önüm bolan “TECNO” smartfonlary bilen dolduryldy.

Hytaýyň “Dahua Technology” kompaniýasynyň resmi dilleri “Rysgal Kompýuter” kompaniýasy müşderilerine “TECNO” smartfonlaryny hödürleýär. Önüm görnüşi juda giň we islendik bahadan enjamlary satyn almak bolýar.

“TECNO Mobile” - 2006-njy ýylda Gonkongda esaslandyryldy we soňra “Transsion Holdings Corporation” kärhanasynyň düzümine girizildi. Bar bolan soňky birnäçe ýylda “Tecno Mobile”-yň önümleri, bahasy we hili sebäpli birnäçe ýurtlarda uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň önümleri Russiýa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna giňden eksport edilýär. 

“Rysgal Kompýuter” dükany, “Dahua” kompaniýasynyň önümlerinden başga-da, kompýuter we tor enjamlary şeýle-de olara niýetlenen esbaplaryň giň görnüşine eýedir. Dükanyň ýurduň ähli welaýat merkezlerinde şahamçalary bar.

“Rysgal Kompýuter”-iň Aşgabatdaky dükany “Rysgal” PTB-nyň üçünji gatynyň "B" blogunda ýerleşýär.

Dükanyň önümleri bilen aşakdaky salgydan tanşyp bilersiňiz. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň