«YouTube» wideo hosting hyzmatynyň işinde näsazlyklar ýüze çykdy

14:3426.02.2021
0
4745

«YouTube»  atly meşhur wideo hosting hyzmatynyň işinde näsazlyklar ýüze çykdy. «Downdetector» portalynyň habaryna görä, sahypadaky näsazlyklar barada iň köp şikaýat ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan we Russiýadan geldi. 

Mysal üçin, internet çeşmesiniň işleýşinde 920-den gowrak näsazlyk Russiýadan hasaba alyndy.  Şol bir wagtyň özünde, göterim nukdaýnazaryndan arz-şikaýatlaryň köpüsi göni sahypaň özi bilen baglanyşykly meselelerden, ýagny  wideo görlende ýa-da sahypa girilende ýüze çykýan näsazlyklardan geldi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň