Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan bilen Päkistan serhetara parahatçylyk babatda ylalaşdylar

12:4226.02.2021
0
660

Hindistan bilen Päkistan soňky 20 ýylda ilkinji gezek serhetara parahatçylyk babatda  ylalaşdylar.

Goňşy döwletleriň harby serkerdeleri  şu ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, iki ýurduň arasynda serhetara parahatçylygy üpjün etmeklik babatda baglaşylan  ähli şertnamalary ýerine ýetirmeklik barada ylalaşdylar.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky barlag  nokady  bolan  Kaşmir – Hindistan bilen Pakistanyň  bölüniş araçägidir. Ýagny, bu aslynda  iki döwletiň arasyndaky serhetdir. Bu babatda hem, 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ylalaşyga gelindi.     

«The Washington Post» web sahypasynyň  habaryna görä,  Hindistan bilen Pakistanyň arasynda gazanylan ylalaşyklar goňşy ýurtlaryň arasyndaky dartgynlygy azaldar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň