Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy

17:4325.02.2021
0
608
Gyrgyzystanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy

Şu ýylyň 24 – 25-nji fewraly aralygynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow döwlet Baştutany wezipesine girişeninden bäri, daşary ýurda ilkinji resmi iş saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow 24-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada, özara gyzyklanylýan ähli meseleler boýunça bilelikdäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň Prezidentleri döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini tassykladylar we syýasy, harby-tehniki, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlarda ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaklyk üçin özara goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Düýn – 24-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow  Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Taraplar Gyrgyzystan – Tatarystan gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Gyrgyz Lideri Sadyr Japarow şu gün – 25-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşdy. Duşuşykda Gyrgyzystan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly ikitaraplaýyn meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow şu gün – 25-nji fewralda Moskwada bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda Gyrgyzystan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Gyrgyzystanyň  Prezidenti Sadyr Japarow şu gün –  25-nji fewralda  Russiýanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň ýerleşýän ýerinde Moskwada iri rus işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Gyrgyz Lideri, çärä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, Gyrgyzystanda geljegi uly ykdysady taslamalar barada söhbet etdi we maýadarlary işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň