“Tiztapal” onlaýn söwda platformasy, internetden söwda etmek mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip edýär

11:3525.02.2021
0
9480

Täze açylan “Tiztapal” onlaýn söwda platformasy, ýurdumyzdaky söwda we hyzmat ediş ugurlaryny sanlaşdyrmakdaky  täze ädimdir.  Bu ýerden gündelik sarp edilýän harytlary (azykdan başlap egin-eşik, kosmetika we öý-hojalyk enjamlaryna çenli) satyn alyp we özüňiz satyjy bolup bilersiňiz, harytlaryňyzy bölek ýer kärendesine alyp, goşmaça çykdajylar tölemezden satyp bilersiňiz. 

“Tiztapal-yň üsti bilen diňe islenýän önümi satyn alyp bolman, eýsem tiz nahar we restorandan gyzgyn tagamlary, çişlikleri we konditer önümlerini hem sargyt edip bilersiňiz.

“Tiztapal”-da hasaba alynmazdan satyn almak mümkin, ýöne satyjy bolmak üçin dükanyňyzyň hasaba alynmagy hökmandyr.

“Söwda” bölüminde eşikleri, aýakgaplary, çaga önümlerini, elektronika enjamlaryny, öýe gerekli goşlary we öý haýwanlaryna gerekli zatlary onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz. “Iýmit” bölüminde dürli restoranlardan we kafelerden taýýar naharlary öýüňize  çenli sargyt edip bilersiňiz. “Market” bölüminde - azyk we öý gerekli himiki serişdeleri onlýan sargyt edip bilersiňiz.

“Altyn ýyldyz”, “Cotton kids”, “Colin's”, “Kids Plaza”, “Cazador”, “Romano Botta”, “Hugo Boss”, “Nur ýüpek”, “Röwşen” aýakgapkary şeýle-de “AST”, “Melbourne”, “MB patisserie”, “La tartine”, “Trattoria” ýaly restoranlar hyzmatdaşlyk edýär.

“Tiztapal” onlaýn söwdanyň görnüşini düýpgöter üýtgetmegi maksat edinýär. Indi dogry zady tapmak üçin wagt we güýç sarp edip, şäher içinde aýlanmak hökman däl. Diňe gerekli önümi “sebede” goşmak we satyn almagy tamamlamak ýeterlikdir.

“Tiztapal” platformasynyň (mundan ozal, “emnova” diýilýärdi) hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin, Android we IOS operasion ulgamlary üçin elýeterli, ýörite programmany ýükläp almak maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň