Geçen ýyl lebaply hususyýetçiler oba hojalyk önümleriniň eksportundan 4,2 million dollar girdeji aldylar

11:0525.02.2021
0
5255

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň hususyýetçileri Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlere pomidor, noýba, ýorunja tohumy, dary, gara jöwen, mäş ýaly oba hojalyk önümlerini eksport etdiler. Bu önümleriň 5 müň tonnadan gowragy daşary ýurt bazarlarynda ýerlenip, olardan ABŞ-nyň 4 million 200 müň dollaryna golaý girdeji alyndy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gündogar sebitiň hususyýetçileriniň geçen ýyl daşarky bazara iň köp çykaran oba hojalyk önümi ter pomidordyr. Ýylyň dowamynda welaýatyň dürli etraplarynda ýyladyşhanalary guran 16 hususyýetçi 3 müň 130 tonna pomidory eksport edip, bu söwdadan 3 million 440 müň dollardan gowrak girdeji aldy. Bu işde başarjaňlaryň hatarynda telekeçiler Orazgeldi Orazmuhammedowy, Ýusup Çöliýewi, Güljahan Haýydowany, Serdar Jorakulyýewi, Döwlet Hojamyradowy, «Altyn bürgüt», «Mizemez», «Bereketli jaý», «Ahmet-Haýdar» hususy kärhanalaryny, «Bäş nur» hojalyk jemgyýetini, «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we beýlekileri görkezip bolar.

«Goşa käriz» we «Kümüş suw» daýhan hojalyklary bolsa geçen ýyl noýbanyň 190 tonnasyny eksport edip, 88 müň 700 amerikan dollary girdeji aldy. Şunda bu daýhan hojalyklarynyň önümleriň beýleki görnüşlerini hem dünýä bazaryna çykarandygyny aýratyn nygtamak gerek. Mysal üçin, «Goşa käriz» daýhan hojalygy geçen ýyl ot-iýmlik darydyr gara jöweniň we mäşiň birnäçe tonnasyny daşary ýurtly müşderilere ýetirdi. Edil şonuň ýaly, «Kümüş suw» daýhan hojalygy hem mäşiň onlarça tonnasyny eksport etdi.

Önümleriň birnäçe görnüşine daşarky bazardan müşderi tapan hususyýetçiler diňe ýokarda agzalanlar bilen çäklenmeýär. «Aýdyň maksat» hususy kärhanasy geçen ýyl welaýatda ýorunja tohumyny eksport eden ýeke-täk tarap bolan bolsa, ol indi darydyr mäşiň eksportuna hem goşant goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl gündogar sebitiň bereketli topragynda ýetişdirilen darynyň 770 tonnasy dünýä bazaryna çykaryldy. Mäş eksportuna bolsa «Ýigit» hojalyk jemgyýeti, «Milady», «Gaýrat» hususy kärhanalary, «Wahym» daýhan hojalygy hem goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň