Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň 140 ýyllygy: 24-nji maýda sylaglanyşyk, 25-nji maýda açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary

10:2825.02.2021
0
8791
Aşgabadyň 140 ýyllygy: 24-nji maýda sylaglanyşyk, 25-nji maýda açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda geçiren maslahatynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň