Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirdi

10:2325.02.2021
0
7521

«Häzirki güne çenli Aşgabady ösdürmek hem-de onuň gözelligini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde köp sanly ýetmezçilikler bar diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamdow 24-nji fewralda geçirilen maslahatda aýtdy.

Hökümetiň paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak boýunça kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýär, resminamalarda bu ugurda göz öňünde tutulan ähli işler hem-de olary maliýeleşdirmegiň möçberleri anyk kesgitlenilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny bellemäge az wagt galandygyna garamazdan, bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany şäherde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hiliniň pesdigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine ýeterlik üns berilmeýär.

Köçeleriň ugurlarynda zir-zibil üçin niýetlenilen gaplar ýeterlik mukdarda goýulmaýar. Köp ýerlerde ýollaryň we köçeleriň gyralaryndaky beton erňekleriň, şeýle hem asfalt örtüginiň ýagdaýy hem kada laýyk däldir. Baglara hem-de güllere ideg etmek döwrüň talabyna laýyk derejede guralmaýar.

Milletiň Lideri bu gürrüňi dowam edip, şäheri abadanlaşdyrmak, kiçi etrapçalaryň çäklerinde düzgün-tertibi, arassaçylyk kadalary hem-de ýollary arassa saklamak işlerine ýeterlik üns berilmeýändigini belledi. Awtoulag serişdeleri bellenilen ýerlerde ýuwulmaýar.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşilmeýändigine hem ünsi çekdi, munuň özi ýolagçylar üçin amatsyzlyklary döredýär we şol bir wagtda şäheriň keşbine oňaýsyz täsir edýär. Köp derejeli köprüler, ýollaryň ugrundaky duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatly bolmalydyr hem-de häzirki zaman şäher durmuşynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar göwnejaý derejede ýerine ýetirilmeýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şäherde ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dürli maksatly beýleki binalary hem-de desgalary gurmak bilen bir hatarda, bagy-bossanly zolaklaryň döredilmegine ýeterlik üns berilmeýär. Sport we çagalar üçin oýun meýdançalary ýeterlik möçberde gurulmaýar, bar bolanlarynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Umuman, paýtagtymyzda adamlaryň amatly hem-de işjeň dynç almagy, şol sanda çagalaryň sport bilen meşgullanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilmeýär diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Şäheriň etraplarynda köçeleri, seýilgähleri we seýilbaglary bagy-bossanlyga öwürmek işleri ýaramaz alnyp barylýar. Esasy bölegi Köpetdag etrabynyň çäklerinde ýerleşýän protokol ýollary hem has gowy bezelmegini we abadanlaşdyrylmagyny talap edýär. Paýtagtyň ähli etraplarynda diýen ýaly, aýratyn-da, köne ýaşaýyş jaý toplumlarynyň içinde belli bir tertip-düzgün ýok.

Aýry-aýry ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi kanagatlanarsyz abadanlaşdyrylýar. Ýollaryň käbir ýerleri yşyklandyrylmaýar.

Jaýlarda hem elektrik energiýasynyň kesilýän ýagdaýlary bolýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde heniz köne jaýlaryň hem köpdügini, olaryň ulanyş möhletiniň bireýýäm geçendigine garamazdan, şäher häkimliginiň bu meseläni hem çözmeýändigini belledi. Desgalaryň gurluşygyna hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişine ýaramaz gözegçilik edilýär. Gurluşyk meýdançalarynyň gapdalynda materiallaryň we serişdeleriň galyndylary wagtynda aýrylmaýar. Bu bolsa şäherde tozanyň döremegine getirýär.

Milletiň Lideri şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyndan we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerden ýollaryň bezelişine aýratyn üns bermegi, şäheriň täze köçelerinde degişli ýol belgilerini we maglumat beriji enjamlaryň ýeterlik bolmagyny üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutany şäher häkimliginiň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigine, paýtagtyň ýubileýine talabalaýyk taýýarlyk görmeýändigine ýene bir gezek nägilelik bildirip, bu ugurda geçirilýän çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Geldinyýazowa, M.Mämmedowa, şeýle hem medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, şäherdäki medeni aň-bilim edaralarynyň we desgalarynyň ýagdaýyna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini, häzirki döwürde olaryň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtdy. Seýilgähler talabalaýyk abadanlaşdyrylmaýar we bezelmeýär. Ýadygärliklere göwnejaý seredilmeýär.

Medeni aň-bilim edaralarynda, okuw mekdeplerinde şäheriň 140 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler ýeterlik geçirilmeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem bu sene bilen bagly makalalar we taryhy materiallar örän az berilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Milletiň Lideri sanlyja ýylda täze Aşgabady döretdik diýip belledi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Emma paýtagtyň taryhy geçen ýoly baradaky materiallar gazet-žurnallarda örän seýrek çap edilýär. Şoňa görä-de, şäheriň geçmişi, şu güni, geljegi baradaky materiallar, şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly işler ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, agzalan bu kemçilikler üçin olaryň ählisiniň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalary ulanmalydygyny, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmelidigini ýene-de bir gezek ýatladyp, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda şu aýdylanlaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, milletiň Lideri nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň