Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtda guruljak medeni desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

23:1924.02.2021
0
1058

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milletiň Liderine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar bilen tanşyp, medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň