Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

23:1824.02.2021
0
40324

Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Taslamalaryň tanyşdyrylyşynyň barşynda milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat-siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary görkezildi.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda «Aşgabat-siti” binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna şeýle hem ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, täze desgada ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň