Soňky habarlar

Arhiw

Sakarçäge etrabyndaky şäherçede gurluşyk işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan edildi

16:3824.02.2021
0
11095

Sakarçäge etrap häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky 1237 belgili Kararyna we täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyna laýyklykda, Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer geňeşliginiň Garybata obasynyň demirgazyk-günbatarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap şäherçede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda: dükanlaryň; toý mekanynyň; çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhananyň; gök bazaryň; hyzmatlar öýüniň; çagalar meýdançasynyň; seýilgähiň gurluşyklaryny ýerine ýetirmäge isleg bildirýän potratçylaryň saýlap alynýandygyny habar berýär.

Bu baradaky bildiriş «Maru Şahu-Jahan» gazetinde çap edildi.

Şeýle hem neşirde habar berlişi ýaly,  bu döwrebap şäherçede 1 gatly, 3 we 4 otagly, banklaryň karz pulunyň hasabyna gurulýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan almaga isleg bildirýän welaýatyň ähli ýaşaýjylary Sakarçäge etrap häkimligine ýüz tutup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň