Soňky habarlar

Arhiw

«Ak hünji» ýokary tehnologiýaly önümçiliginiň gerimini giňeldýär

16:2924.02.2021
0
14073

Penopolistirol  önümlerini öndürmeklige  ýöriteleşen  "Ak hünji" hususy kärhanasy  önümçiliginde  öňdebaryjy tehnologiýalardan hem-de döwrebap enjamlardan peýdalanýar.

2013-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk  tarapyndan   zawodda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar. Hususan-da, önümçiligiň möçberlerini has hem artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen goşmaça enjamlaryň uly toplumy oturdyldy. Öňdebaryjy dünýä kompaniýalaryndan satyn alnan täze döwrebap enjamlar “Ak hünji” kompaniýasynyň  önümleriniň diňe bir  içerki bazarda däl, eýsem,  halkara derejesine  çykmagyna-da  mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda  önümçilikde Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýadan, Türkiýeden we Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen  döwrebap  enjamlar  ulanylýar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda   jaýlaryň   içki we daşky bezegi üçin penoplast  önümçiligine   başlan kärhananyň  işiniň gerimi barha giňelýär.

“Ak hünji”  müşderileriniň  üýtgäp durýan isleglerini kanagatlandyrmaga  aýratyn üns berýär. Jaýlaryň içki we daşky bezegi üçin ulanylýan  penoplastdan  taýýarlanan  ýylylyk izolýasiýa, ses izolýasiýa önümleri ähli  talaplara doly laýyk gelýär. Zawodlarda enjamlaryň ýokary öndürijiligi   islegi wagtynda kanagatlandyrmaga we  bökdençsiz  işlemäge mümkinçilik berýär.

"Ak hünji"  hususy  kärhanasynda   üznüksiz gözlegler alnyp barylýar. Geljekki   maksat  — täze pudaklary döretmekden   we eksporta gönükdirilen önümleri  has köp öndürmekden ybarat

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň