Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdylar

12:4324.02.2021
0
4294

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn-forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň kadalaşdyryş meseleleri boýunça kömekçisi, “BMG-zenanlar” düzüminiň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Asa Regneriň, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Eggeriň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Bu duşuşygyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň