Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nyşana ok atmak boýunça gözden geçiriliş boldy

11:0624.02.2021
0
4508

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynda berilýän habaryna görä, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň nyşana ok atmak bölüminiň türgenleriniň arasynda türgenleşik ýaryşy geçirildi.

Bu ýaryşlaryň esasy maksady şu ýylyň mart we iýun aýlarynda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşjak ýygyndymyzy saýlamakdan ybaratdyr. Olarda iň ýokary netijeleri gazanan türgenlerde Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Ýurduň milli ýygyndysyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, SSSR-iň Ýaragly güýçleriniň çempionatlarynyň birnäçe gezek ýeňiji Waleriý Hallyýewiç Arabow tälim berýär. Onuň şägirtleri millli we halkara ýaryşlarda 50-den gowrak medala mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň