Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky kärhanada bir günde 6 müň örtük öndürilýär

15:0023.02.2021
0
1192

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda ýanwar aýynda 450 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, 128,5 göterim ösüş gazanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde lukmançylykda derwaýys bolan dürli möçberdäki sargy serişdeleri bilen bir hatarda, häzirki döwürde wajyp bolan gorag serişdeleriniň, bäş gatly agyz-burun örtükleriniň, gorag eşikleriniň, lukmançylyk halatlarynyň öndürilýän möçberi ep-esli artdy.

Kärhanada bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müň sanysy öndürilip, ilata ýetirilýär. Häzirki wagtda sargy serişdeleriniň täze görnüşlerini hem öndürmek ýola goýuldy. Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy, iň kämil enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň 25 görnüşiniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada öndürilýän bäş gatly agyz-burun örtükleri, köp görnüşli lukmançylyk sargy serişdeleri, gorag eşikleri we beýlekiler hem arassaçylyk kadalaryny doly berjaý etmekde derwaýys hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň