Soňky habarlar

Arhiw

Serdar nebit kärhanasynda bir aýda 7,7 million manatlyk iş edildi

14:5623.02.2021
0
809

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi içerki bazary nebit önümleri bilen üpjün etmekde ygtybarly işleri bitirýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Müdirligiň Serdar nebit kärhanasy hem bu ugurda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşandyny goşýar. Serdar, Bereket we Magtymguly etraplaryny nebit önümleri bilen üpjün edýän bu kärhanada geçen ýyl 17 million manatlyga golaý sap girdeji gazanylyp, meýilnama 149 göterime barabar berjaý edildi.

Ýangyç guýujy beketleriň jemi 9-syny özünde jemleýän kärhana şu ýyla hem ynamly gadam basdy. Muňa şu ýylyň ýanwar aýynda pul hasabynda bitirilen işleriň möçberiniň 7 million 733 müň manatlyga golaýlamagy hem doly şaýatlyk edýär.

Bu görkezijiler şu ýylyň ilkinji aýy üçin bellenilen meýilnamadan has köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň