Soňky habarlar

Arhiw

«Ter önüm» TOHU bilen her hepdäniň şenbe güni Ylmy güni geçirýär

14:1323.02.2021
0
1075

«Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň başlangyjy bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde her hepdäniň şenbe güni «Ylmy gün» diýlip yglan edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Onuň çäginde bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän ýer eýeleriniň, beýleki adamlaryň gatnaşmagynda dürli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, olardan alynýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary, iş usullary, ugurlarydyr mümkinçilikleri barada özara maslahatlaşylýar.

2018-nji ýyldan başlap şeýle maslahatlar hojalyk jemgyýetiniň öz binasynda guralýardy. Soňabaka gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artmagy bilen, onuň gerimi has-da giňeldi. Indi bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde yzygiderli geçirilip gelinýän şeýle maslahatlar özara pikir we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ýola goýlan çäre bilim bilen tejribäniň utgaşdyrylmagy, gatnaşyjylaryň, şol sanda talyplaryň ylmy düşünjeleridir amaly başarnyklarynyň baýlaşmagy babatda-da bähbitlidir.

Maslahatlarda çykyşlara giň orun berilýär. Her gezekki ylmy günde saýlanyp alnan haýsydyr bir ekiniň häsiýetli aýratynlyklary, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ony ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçilikleri, şol sanda onuň hasylyny gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň önümçilik görkezijileri hakynda oba hojalykçy alymlaryň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, şeýle-de şol ugra uly gyzyklanma bildirýän tejribeli daýhanlardyr telekeçileriň çykyşlary diňlenilýär. Çykyşlaryň dowamynda diňleýjiler tarapyndan gyzyklanma bildirilen sowallara hem jogap berilýär. Uniwersitetiň maslahatlar zalynda — özara pikir we tejribe alyşmalaryň guralýan ýerinde häzirki zaman multimediýa tehnologiýalarynyň, döwrebap enjamlaryň bolmagy, şeýle-de gürrüňi edilýän ekin barada görkezme esbaplaryň, ýörite taýýarlanylan tanyşdyryşlaryň, wideoýazgylaryň görkezilmegi, şol ekiniň hut özüniň ýa-da onuň hasylynyň getirilip goýulmagy ylmy günüň täsirli hem netijeli geçmegine, onda edilýän gürrüňleriň has düşnükli we aýdyň bolmagyna ýardam edýär.

Şeýle maslahatlar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn usulda hem birnäçe gezek geçirildi. Olarda ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, onuň öňüni almak, bir öýjükli suwotulary köpeltmegiň usullary ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

—Ilki-ilkiler diňe öz işleşýän daýhanlarymyz bilen geçirýän maslahatlarymyza soňlugy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlaryny hem çagyryp başladyk. Häzir bolsa şol maslahatlara gyzyklanma bildirýänleriň sany has artdy. Maslahatlarda dürli ekinleriň, gök-bakja önümleriniň ösdürilip ýetişdirilişi, görnüşleri, olaryň zyýankeşlerine garşy göreşmegiň, hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň usullary, bulardan başga-da, bizde kän bir ekilmeýän ýa-da entek asla tejribämizde bolmadyk ekinlerdir dürli miweli baglaryň toprak-howa şertlerimizdäki mümkinçilikleri, ýüpekçiligi ösdürmegiň, ýyladyşhana şertlerinde alnyp barylýan işleri ylmy esasda gurap, täze tejribeler bilen baýlaşdyryp, ilaty ýylyň islendik döwründe gök-bakja önümleri bilen bökdençsiz üpjün edip durmagy has-da kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça özara pikir alşylýar. Ylmy günleriň birinde ýyladyşhanalarda kömelek ösdürip ýetişdirmegiň usullary barada hem maslahat edildi. Geçirilen maslahatlarymyzda «asyryň oty» diýlip atlandyrylýan stewiýa ösümliginiň — şeker otunyň aýratynlyklary, onuň süýji keselinden ejir çekýän näsaglary bejeriş häsiýetleri ýa-da bütin dünýäde meşhur pawlowniýa agajydyr uly isleg bildirilýän şypaly önümleriň biri hasaplanylýan göýül barada-da gyzyklydan täsin, peýdaly maglumatlar paýlaşyldy. Telekeçi hökmünde şeýle maslahatlary guramak we olara gatnaşmak bilen, biz hem-ä dürli önümleriň önümçiligini, olary ýerlemekden gelýän girdejileri artdyrmagyň mümkinçilikleri, dünýä bazarlarynyň, marketingiň ýagdaýy we islegler babatda öz bilýänlerimizi paýlaşýarys, hem-de, öz nobatynda, oba hojalykçy alymlardan, tejribeli daýhanlardan-da köp zatlary öwrenýäris.

Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, hojalyk jemgyýetimiz tarapyndan www.agro — terönüm.com atly agroplatformany hem döredendigimizi belläp geçesim gelýär. Indi birnäçe wagt bäri, isleg bildirýänler, esasan-da, ilata söwda we telekeçilik hyzmatlaryny hödürleýänler, öz mahabatlarydyr bildirişlerini ýerleşdirmegi maksat edinýänler onuň mümkinçiliklerinden tölegsiz peýdalanyp gelýärler. Agroplatformanyň gerimi gitdigiçe giňelip, netijeliligi, halk köpçüligi üçin ähmiýeti yzygiderli artýar — diýip, «Ter önüm» hojalyk jemgyýetini esaslandyryjylaryň biri, telekeçi Döwletgeldi Ballyýew gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň