Saud Arabystany patyşalygynda zenanlara harby gulluga gitmäge rugsat berildi

12:4723.02.2021
0
1298

Saud Arabystany Patyşalygynda zenanlara harby gulluga gitmäge rugsat berildi. Ýurduň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, indi Patyşalykdaky erkekler bilen bir hatarda zenanlar hem, harby gulluga kabul ediş portaly arkaly harby gulluga kabul edilmeklik üçin ýüz tutup bilerler. 

Zenanlar Saud Arabystany Patyşalygynyň Ýaragly Güýçleriniň Gury ýer goşunynda, Harby howa güýçlerinde,  Harby deňiz güýçlerinde, Harby strategik raketa güýçlerinde we Harby lukmançylyk hyzmatlarynda gulluk etmeklik üçin harby gulluga hasaba alynmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi, şazada Muhammet bin Salmanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň zenanlarynyň dürli ugurlarda has işjeň bolmaklygyny üpjün etmeklik babatdaky düýpli özgertmelerini öz içine alýan «Vision 2030» başlangyjynyň bir bölegidir.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Ýaragly Güýçlerine harby gulluga kabul edilmekligi isleýän zenanlar harby gulluk babatdaky düzgünnama görä, 21 - 40 ýaş aralygynda bolmalydyr, boýy bolsa 155 santimetr we ondan beýik bolmalydyr. Ýöne, döwlet işgäri bolmaly däldir. Çünki, harby gulluk babatdaky düzgünnama görä,  Saud Arabystany Patyşalygynda döwlet edaralarynda işleýän zenanlar harby gulluga kabul edilmeýär.  

Saud Arabystany Patyşalygynyň harby gulluk babatdaky düzgünnamasyna görä, özi ýa-da neberesindäki adamlar kazyýet jogapkärçilige çekilen bolmadyk, sagdyn zenanlar harby gulluga kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň