Elon Maskyň bir aýlyk «Bitcoin» girdejisi «Tesla» şereketiniň bir ýyllyk awtoulag satuwyndan ýokary boldy

12:1523.02.2021
0
889

Elon Maskyň eýeçiligindäki «Tesla» şereketiniň şu ýylyň ýanwar aýynda ýola goýan «Bitcoin» maýa goýumlarynyň netijesinde bir aýyň içinde gazanan girdejisi kompaniýanyň ýyllyk awtoulag satuwyndan gazanýan girdejisinden geçdi.

«Tesla» şereketi tarapyndan ýanwar aýynda satyn alnan 1,5 milliard dollarlyk «Bitcoin» kriptowalýutasyndan 3 hepdede 970 million dollarlyk girdeji gazanyldy

«Tesla» şerketiniň geçen ýyl awtoulag satuwyndan gazanan girdejisi 721 million dollar boldy.

Elon Maskyň şahsy twitter sahypasyndaky ýazgylaryndan soň, onuň  «Bitcoin» kriptowalýutasynyň girdejisi has çalt ýokarlandy.

«Tesla» kompaniýasy tarapyndan berlen beýanda: ««Bitcoin» kriptowalýutasynyň ýakyn wagtda töleg guraly hökmünde ulanylmagyna garaşylýar.» - diýlip bellenildi. Kompaniýanyň bu beýanyndan soň «Bitcoin» kriptowalýutasynyň gymmaty 44 müň 300 dollara çenli ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň