Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin halkara bäsleşik yglan edildi

19:1422.02.2021
0
23087

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;

— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— tehniki tabşyrygy almaly;

— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli:

Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-57, 40-71-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň