Fransiýaly welosyýahatçylar Türkmenistana gelip görmegi meýilleşdirýärler

16:5222.02.2021
0
12971

Syýahatyna Fransiýadan başlan Jillum Riguçini we Çorli Billeý welosipedli amala aşyrýan syýahatynyň çäginde Türkmenistana hem baryp görmegi meýilleşdirýär ― diýip, «Aatavatan-Türkmenistan» habar berýär.

Olar düýn Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň Beýpazary etrapçasyna baryp ýetdiler.

Fransiýaly iki dost welosipedli syýahatyny Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça amala aşyrýar. Olaryň ýanynda bir sany güjüjek hem bar.

Eýýäm bir ýyl bäri gezelenç edip ýören fransuz syýahatçylar her gün 60 ― 80 kilometr çemesi ýol geçýärler. Olar Türkiýeden soňra Eýrana, ondan soň Türkmenistana geçmegi meýilleşdirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda-da welosiped sportuna uly üns berilýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy fewralda geçiren Hökümet mejlisinde bu barada ýene-de birnäçe täze tabşyryklary berdi. Bu babatda ýörite Maksatnamanyň hem kabul edilendigini «Atavatan-Türkmenistan» ilkinjileriň biri bolup habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň