Arhiw

Gazagystan Nowruz baýramyny 10 gün bellemegi meýilleşdirýär

16:3322.02.2021
0
841

«Tengrinews» web sahypasynyň habaryna görä, Gazagystan Nowruz baýramyny şu ýyl 10 gün bellemegi meýilleşdirýär. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Nowruz baýramyny bellemeklik babatda ýörite konsepsiýanyň taslamasyny tassyklaýan karary we  bu  taslama ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkyň dykgatyna ýetirildi.

Ýurtda şu wagta çenli ilkinji gezek ýörite taýýarlanylyp, tassyklanylan konsepsiýa  laýyklykda, Gazagystanda Nowruz baýramçylygyny her ýylyň 14-nji martyndan 23-nji marty aralygynda şu aşakdaky ýaly görnüşde giňden dabaralandyrmaklyk resmileşdirildi. 

  • 14-nji mart —  Gutlaglar güni;
  • 15-nji mart —  Tebigat güni;
  • 16-njy mart —  Ata-babalary hatyralamak güni;
  • 17-nji mart —  Taryh güni;
  • 18-nji mart —  Haýyr işler güni;
  • 19-njy mart —  Sport we başarnyklar güni;
  • 20-nji mart —  Paýhas we bilim güni;
  • 21-nji mart —  Milli tagamlar güni;
  • 22-nji mart —  Halkyň Beýik güni;
  • 23-nji mart —  Hormat güni.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu gün özüniň «Garaşsyzlyk — iň süýji nygmat» atly makalasynda öňe süren Nowruzy giňden bellemeklik we bahar baýramynyň mazmunyny baýlaşdyrmaklyk nukdaýnazaryndan täze konsepsiýa döretmeklik başlangyjyny durmuşa geçirmeklik babatda aýgytly ädim ätdi. 

Gazak Lideriniň «Garaşsyzlyk — iň süýji nygmat» atly makalasynda beýan edişine görä, Nowruzyň esasy maksady Gazagystanda parahatçylygy we dostlugy berkitmeklikden, milli özboluşlylygy goramaklykdan, maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmeklikden we daşky gurşawa bolan çäksiz söýgüni kemala getirmeklikden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň