Soňky habarlar

Arhiw

Fransuzlar Baget çöregini «ÝUNESKO»-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak isleýärler

16:1322.02.2021
0
690

Baget çörekleri iň meşhur milli çörek markasydyr. Pandemiýa döwründe adamlar köp zatlardan ýüz öwürdiler, ýöne baget çöreklerinden ýüz öwürmediler. 

Ýerli çörek bişirijiler bu milli önüme aýratyn dereje berilmegini isleýärler. Olar ýurduň Medeniýet ministrligine bu çöregi «ÝUNESKO»-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi haýyş etdiler.

Baget çöregini taýýarlamaklyk üçin her gün irden ýurtda 33000 çörekçi işe başlaýar. Fransiýada her gün, takmynan alty million baget çöregi satyn alynýar.

Bu meşhur önüm köpden bäri Hökümetiň gözegçiligi astynda öndürilýär.1993-nji ýylda ýurt adaty çörek bişirmeklik üçin berk talaplary goýdy. Çörekçi işgärlere diňe el bilen işlemäge rugsat berildi. Baget çöregini taýýarlamaklykda diňe suw, duz, hamyrmaýa we un ulanylýar. Oňa, başga hiç hili goşundy goşulmaýar.  Hamyr belli bir temperaturada 15-20 sagat saklanylýar.

Fransiýanyň Çörek bişirijiler birleşiginden berlen beýanda: «Gynansagam, baget çöreginiň önümçiligi ýylsaýyn azalýar. 1950-nji ýyllardan bäri 30000 töweregi çörekçi işini taşlady. Bu ýagdaý şäherlerde we obalarda Baget medeniýetiniň ýok bolmaklygyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem Baget çöregine aýratyn status berilmelidir. Ony  «ÝUNESKO»-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmeklik üçin, degişli gurmalara hödürlemeklik gerek.» - diýlip bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň