Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirusy ýok edip biljek agyz-burun örtügi döredildi

14:5722.02.2021
0
953

Fransiýanyň «BioSerenity» kompaniýasy koronowirus ýokanç keselini  ýok edip bilýän gorag agyz-burun örtügini döretdi. Bu barada ýurduň «BFMTV»  teleýaýlymy habar berdi.

Dört gatlakdan durup, her bir gaty ammiak bilen örtülen täze agyz-burun örtüginde bakterisid we ýokanç kesele garşy himiki maddalary bolan siklodektrin bar. 

Fransiýanyň «BioSerenity» kompaniýasynyň direktory Mark Frueniň bellemegine görä, täze döredilen gorag agyz-burun örtügi bir gezek ulanylmaga niýetlenilen we ony dört sagatdan köp geýmeklik maslahat berilmeýär. 

Mark Fruen Ýewropa standartyndaky FFP görnüşli agyz-burun örtüginiň şu hepde 1,49 ýewro nyrhyndan sargyt edilip bilinjekdigini aýtdy.

Fransiýanyň  «BioSerenity» kompaniýasynyň öndüren  hirurgik  görnüşli gorag agyz-burun örtügi  saglygy goraýyş işgärleri üçin şu günden - 22-nji fewraldan başlap, 0,44 ýewro nyrhyndan elýeterli bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň