Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçysy Parahatçylyk boýunça ýaşlar baýragynyň Gran-prisine mynasyp boldy

11:2022.02.2021
1
34970

Türkmenistandan mekdep okuwçysy Şükürgeldi Myradow Parahatçylyk boýunça ýaşlar baýragynyň (Youth Peace Prize) Gran-prisine eýe boldy. Ol Günorta Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen “PyeongChang Peace Forum” (Parahatçylyk forumy-2021) taslamasynyň çägindäki köpçülikleýin çykyş bäsleşigine gatnaşdy.

Forumyň gün tertibine BMG-niň çygrynda ýaşlaryň arasynda parahatçylygy goramak we ösdürmek meseleleri girdi. 11-nji synp okuwçysy Şükürgeldi parahatçylygy goraýyş meselelerini ösdürmäge gönükdirilen tezisleri bilen çykyş edip, pikirlerini durmuşa geçirmek üçin 2 million won möçberinde esasy baýragy aldy.

Mundan başga-da, oňa durnukly ösüş maksatlary (DÖM) we adam hukuklary ugrundan tejribäni ýokarlandyrmak boýunça okuwa çakylyk gowşuryldy.

Şükürgeldi Aşgabatda ýaşaýar we okaýar hem-de meýletin çärelere işjeň gatnaşýar. Ol bäş daşary ýurt dilini bilýär. Ol eýýäm Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymy we Y-PEER ýaşlar ulgamynyň jogapkär koordinatorydyr (Focal Point in Charge).

«Parahatçylygy ýola goýmak, oňa ýaşlaryň gatnaşmagy we medeniýet gatnaşyklaryny ösdürmek mowzugy maňa örän ýakyn boldy we meniň pikirimçe, bu ýeňşimiň sebäpleriniň biri bolmaly. Mümkinçilikleri ösdürmek maksatnamasy ELSAH-da (Empower Leadership for SDGs and Human Rights) toplanan tejribe meselä DÖM-iň prizmasy arkaly çemeleşip, meniň habarymy anyk düzmäge mümkinçilik berdi» diýip, Orient habarlar gullugy Şükürgeldiniň sözlerini getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Charymuhamed ( 22.02.2021 )

How can i see all performance of shukurgeldi im sincerely proud

9